Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanda täze futbol möwsümi 1-nji aprelde başlar

17:1607.01.2021
0
3533
Täjigistanda täze futbol möwsümi 1-nji aprelde başlar

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlary guramak baradaky komitetiniň howandarlygyndaky ähli futbol ýaryşlarynyň 2021-nji ýyl üçin möwsüminiň wagty tassyklanyldy. TFF-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze möwsüm 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Täjigistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bilen başlar.

Arzyly kubok ugrundaky duşuşyk ýurduň çempiony «Istiklol» bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi, Kulýab şäheriniň «Rawşanynyň» arasynda geçiriler.

Mundan başga-da, TFF ýurduň futbol boýunça iň ýokary ligasynyň ýubileý ― 30-njy möwsüminiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Öňümizdäki möwsümde 10 topar üç aýlawdan ybarat ýaryşa goşular. Möwsümiň açylyş tapgyry 3-nji aprelde bolar. Has takygy, ýubileý möwsümiň çempionlygy üçin «Istiklol» (Duşanbe), «Hujand» (Hujand), SSKA (Duşanbe), «Kuktoş» (Rudaki), «Hatlon» (Bohtar), «Duşanbe-83» (Duşanbe), «Faizkand» (Wose), «Istarawşan» (Istarawşan), «Rawşan» (Kulýab) we «Eshata» (Hujand) toparlary göreşer.

Täjigistanyň futbol çempionatynyň 2020-nji ýyldaky möwsümine «Istiklolyň» düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň