Merkezi Aziýanyň iki döwletiniň arasynda uçar gatnawy dikeldiler

10:3105.01.2021
0
21559

Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawlary dikeldiler. Bu barada «Özbegistan howaýollarynyň» web saýtynda habar berildi. 

Iki ýurduň arasyndaky 2021-nji ýylda ilkinji çarter uçuşy şu gün amala aşyrylar. Howa gatnawynyň beýannamasynda «Özbegistan howaýollary 2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Daşkent ― Duşanbe ― Daşkent aralygyndaky çarter uçuşyny amala aşyrar» diýlip görkezilýär.

Awiakompaniýa uçarlaryň ýokarda görkezilen ugur boýunça uçjakdygyny habar berdi. Täjigistanyň we Özbegistanyň paýtagtlarynyň arasyndaky howa gatnawy täze koronawirusyň pandemiýasy sebäpli, geçen ýylyň 16-njy martynda wagtlaýyn togtadylypdy.

Täjigistan häzirki wagtda Russiýa we beýleki ýurtlar bilen howa gatnawyny dikeltmek barada gepleşikleri geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň