Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze dörediljek kärhananyň adyny onlaýn tassykladyp bolar

16:3803.01.2021
0
11572

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi täze sanly hyzmatlary hödürleýär. Olaryň hatarynda kärhananyň adyny onlaýn tassyklatmak hyzmaty hem bar.

Ýuridik şahsyň ady iki ýol bilen tassyklanyp bilner: adaty usulda - degişli hasaba alyş bölümlerine arza we zerur resminamalary ibermek arkaly ýa-da onlaýn anketany doldurmak arkaly.
Onlaýn bellige almak üçin zerur resminamalar:

Arza
Pasportyň nusgasy
Töleg kwitansiýasy

Kärhananyň ady gysgaltmasyz türkmen dilinde bir söz ýa-da söz düzümi bolmaly. Ýüklenilýän faýllar PDF formatynda bolmaly. Hasaba alyş bölümi Türkmenistanyň çäginde meňzeş atly başga bir kärhananyň ýokdugyny tassyklaýan kepilnama berýär.
Daşary ýurt döwletiniň gatnaşmagynda döredilen kärhananyň adynda esaslandyryjynyň döwleti görkezilip bilner.
Kepilnama 3 aý möhlet bilen berilýär. Şeýle hem ýazmaça ýüztutma esasynda hasaba alyş bölümi şahadatnamanyň güýjüni ýene 3 aý uzaldyp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň