Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri Baş arça bardylar

11:2930.12.2020
0
8301

Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar. Bu barada TDH habar berýär.

Däp boýunça myhmanlary Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk garşylap, olary ertekiler şäherjigine gezelenç etmäge çagyrdylar.

Sowgat almak we gowşurmak tüýs ýürekden amala aşyrylanda, birmeňzeş şatlykdyr. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň häzirki ýaşajyk myhmanlary ýakyn hossarlaryndan ýadygärlik sowgatlary almak bilen birlikde, Täze, 2021-nji ýyly garşylamagyň ýatdan çykmajak täsirlerini hem aldylar.

Çagalar jogap hökmünde dürli dillerde goşgulary okadylar. Bu köpöwüşginli şahyrana çykyşlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen öňümizdäki ýyla ajaýyp waspnama öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň