Marynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasy geçen ýylkydan 55 göterim köp önüm öndürdi

10:3930.12.2020
0
4788

Marynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasynda 2020-nji ýylyň başyndan bäri 31 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 million manatlyk, başgaça aýtsak,  55 göterim köpdür. Bu barada kompaniýanyň hünärmenleri habar berdiler.

2020-nji ýylyň 12 aýynda kärhana 638 müň 633 sany önüm öndürdi. Bu geçen ýyldakydan 155 göterim köp diýmekdir.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine girýän Marynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasy milli ykdysadyýetiň ösmegine möhüm goşant goşýan kärhanalardan biridir.

Kärhanada tikin we trikotaž önümleriniň 50-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň