Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar

10:0706.05.2024
0
7338
Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar
Surat: magnumoil.ru

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, geçiniň ýüňi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 207 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň