Top.Mail.Ru

Gyşda Aşgabadyň ýakyndaky asma ýola bolan isleg artýar

10:2928.12.2020
0
19224

Ozal hem habar berlişi ýaly, dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagdaky asma ýolunda gezelenç etdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada gyşky syýahatçylygyň iň gowy nokatlarynyň biri bolan bu ýolda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berilýär.

Asma ýoly kärhanasynyň başlygy Täçmyrat Meredowyň gazetiň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, bu ýoluň ýerleşýän künjegi täsin tebigaty bilen görenleri özüne çekýär. Sagatda 320 adama hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan asma ýoluň bir tarapynyň uzynlygy 3,5 kilometre barabardyr. Ýokarky beket aşaky beketden 645 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu bolsa gezelenje gelýänlerde uly täsir galdyrýar.

Bu ýerde 17 sany kejebe hereket edip, olaryň 14-si 8 adama niýetlenip, ikisi ýük, ýene biri bolsa tehniki hyzmat üçin hereket edýär. Syýahata gelenleri Köpetdagyň täsinligi bilen tanyşdyrýan kejebeleriň her biriniň hereket ediş aralygy 533 metre barabardyr. Ol deňiz derejesinden 1 müň 400 metr beýiklikde ýerleşýär.

Gojaman Köpetdaga bezeg berip oturan Asma ýola ýylyň islendik paslynda, aýratyn-da, gyş hem ýaz pasyllarynda dag gözelligini, bu ýerdäki syn ediş diňiniň kömegi bilen ak şäherimiz Aşgabady synlamaga gelýänleriň sany juda köp. Ýol her gün irden 9:00-dan, 22:00-a çenli işleýär. Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Asma ýoldaky kejebelerde gezelenç etmek her bir adamda täsin duýgulary oýarýar. Asma ýola gelýänleriň howpsuzlygy doly derejede üpjün edilen. Olar üçin ýörite dükanlardyr restoranlar, şeýle hem ýokarky nokatda syn ediş dürbüsi ýerleşýär. Onuň kömegi bilen gezelenje gelenler özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan gözel paýtagtymyzyň ajaýyplyklaryny, Köpetdagyň gözelliklerini synlap bilýärler. Gyş paslynda bu ýerde egnine ak donuny geýen dag gözelligini görmäge göz gerek. Şahyrlaryň ylham çeşmesi bolan dag gözellikleri her bir adamyň kalbyna şatlyk bagyşlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň