Hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda gar ýagar. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy anna günündäki güýçli ýagyşdan soň, günüň ikinji ýarymynda garyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Ýagyn Balkan we Ahal welaýatlarynyň günortasynda, şeýle-de Mary welaýatynyň günorta we merkezi sebitlerinde has güýçli ýagar.
25-nji dekabrda günortan güýçli ýagyş görnüşinde başlan ýagyn şol gije gara öwrüler we gar 26-njy dekabrda gündiz hem dowam eder.
Käbir sebitlerde garyň galyňlygynyň 10-15 santimetre, ýagşyň bolsa 12-17 millimetre ýetmegine garaşylýar. Köp ýerlerde galyň gar örtügi emele geler.
Şeýle hem gar Balkanyň welaýatynyň demirgazyk sebitlerine, Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerine-de güýçli ýagar.
Howanyň derejesiniň ýene peselmegine garaşylýar. Howa demirgazykda -9-a, günortada bolsa -3 gradusa çenli peselip biler. Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýatynyň günortasynda +8, Maryda we Daşoguzda -4-den + 1-e, Lebapda -2-den + 3-e çenli howa sowap biler.
27-nji dekabrda Daşoguzda we Lebapda gijeki sowuklyk -6 derejeden -11-e çenli ýetip biler. Ýurduň beýleki sebitlerinde -2 ... -7 dereje sowuk bolsa, Balkanyň günorta-günbatarynda 0 gradus töwereginde bolar.
25-nji dekabrda paýtagtda agşam gar gatyşykly ýagyş ýagar. Ýagyn kä wagt güýjäp, garyň galyňlygy 10 santimetre çenli ýeter. 26-njy dekabr güni irden howa -3 derejä çenli sowar.