Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi

23:5924.12.2020
0
4583

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.

Tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahat Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Döwlet kitaphanalarynyň wekillerini hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärlerini jemledi. Umuman, kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti hem-de kitaplary abatlamagyň meseleleri, seýrek neşirleriň bitewi elektron katalogyny döretmek ýörelgeleri, şeýle hem kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak baradaky meseleler hakynda gürrüň edildi.

Wideoduşuşygyň dowamynda iki ýurduň kitaphanaçylarynyň gyzykly we netijeli pikir alyşmalary boldy, her tarapdan hasabatlar diňlenildi. Soňra söhbetdeşlik sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Kärdeşler Türkmenistanda hem-de Ermenistanda ulanylýan kitaphanaçylyk işiniň ösdürilmegine innowasion çemeleşmeler barada birek-birekden has anyk ýagdaýlary bilmäge mümkinçilik aldylar.

Foruma gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändikleri barada pikirlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň