Soňky habarlar

Arhiw

«Begler ýoly» hususy kärhanasy halkara derejesinde ykrar edildi

10:3424.12.2020
0
18851

Ýurdumyzdaky «Begler ýoly» hususy kärhanasy plastik gaplary öndürmeklikde öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu şereketiň önümleri birnäçe gezek halkara sergilerine gatnaşdy we halkara derejesindäki dürli şahadatnamalara eýe boldy. Bu şahadatnamalaryň arasynda - «Global Certification of Compliance» atly halkara talaplaryna laýyklyk şahadatnamasy, global ülňülere görä «GS-Mark» -  «Synag önüminiň hili» atly hil şahadatnamasy we beýlekiler bar.

Mundan başga-da, «Begler ýoly» hususy kärhanasynyň önümleri «Ýylyň öňdebaryjy telekeçisi» bäsleşiginde «Ýylyň ekologiýa taýdan arassa önümlerini öndürmeklik» ugrunda ikinji ýeri eýeledi.                               

«Begler ýoly» hususy kärhanasy azyk senagatynda ulanmaklyk üçin tassyklanan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa plastik gaplary öndürýär.  Şereket etiketkaly plastik gaplary öndürmeklik üçin täze IML («In-Mould Labelling» - «Içerki bellik»)  tehnologiýany hem özleşdirdi. Bu tehnologiýa plastik gaplar galyba guýulan mahalynda harydyň etiketkasyny ýelmemeklik üçin ulanylýar.

Şereketiň önüm köpdürliligine göwrümi 1 - 20  litr aralygyndaky azyk önümler bilen öý himiki serişdeleri üçin niýetlenilen plastik çüýşeler we bankalar, gök önümler we miweler üçin plastik gutular, bir gezek ulanylýan gap-gaçlar, şeýle hem plastmas turbalar we bag şlanglary girýär.

Mundan başga-da, «Begler ýoly» hususy kärhanasy önümleriniň katalogy bilen öz web sahypasyny açdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň