Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdy

23:4823.12.2020
0
16433

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German duşuşygy açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar.

Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda intellektual ulgam, ylmy taýdan esaslandyrylan jemgyýetçilik-syýasy barlaglary goldamak, gender deňligi meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, dürli ulgamlarda zenanlaryň oňyn başlangyçlaryny höweslendirmek bar.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini” iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine ýokary baha berip, sebit we umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallaryň utgaşdyrylmagy babatda pikirlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň