«Salkyn otag» hususy kärhanasy ISO 9001 halkara hil şahadatnamasyny aldy

16:5020.12.2020
0
12179

8-nji dekabrda ýelejiretme we ýyladyş enjamlaryny satmak, gurnamak we hyzmat etmek ulgamy bilen meşgullanýan «Salkyn otag» hususy kärhanasyna ISO 9001 hil şahadatnamasyny gowşurmaklyk dabarasy geçirildi. Bu şahadatnama, gözleg, synag, barlag we sertifikat pudagy boýunça dünýäde öňdebaryjy şereket bolan Şweýsariýanyň SGS kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan berildi. «Salkyn otag» hususy kärhanasynyň Türkmenistanda ýelejiretme we klimat ulgamlary bilen işlemeklik babatynda şeýle şahadatnamany alan ilkinji şereketdigini bellemelidiris.

Ýaňy-ýakynda SGS kompaniýasy «Salkyn otag» hususy kärhanasynda  «Içerki auditiň hilini dolandyryş ulgamlary» atly hil dolandyryş okuwyny geçirdi. Netijede, ösüşiň gidişine (prosese) we çeşmeleri dolandyrmaklyk ulgamyna üýtgeşmeler girizildi, önümçilik we beýleki bölümleriň arasyndaky tehnologiki amallar çözüldi, kärhanada netijeli dolandyryş we aragatnaşyk ulgamy döredildi we resminamalary gaýtadan işlemegiň tertibi kämilleşdirildi.

Kompaniýanyň wekilleri müşderilerine ýüzlenmeklik bilen: «Kompaniýanyň öňünde köp meseleler bar, ýöne ähli üýtgeşmeleriň maksady birdir - müşderilerimiz üçin mümkin boldugyça peýdaly bolmaga çalyşýarys! Hyzmat üpjün ediji hökmünde kompaniýamyzy saýlamagyňyz üçin elimizden gelenini etmäge synanyşýarys, köp ýyl bäri hakyky hyzmatdaş tapdyňyz!» - diýip belledi.

«Salkyn otag» hususy kärhanasy 10 ýyl töweregi wagt bäri hyzmatlar bazarynda hereket edýär. Bu şereket klimat enjamlaryny - ýelejiretme we ýyladyş ulgamlaryny oturtmaklyk hemem hyzmat etmeklik boýunça ýöriteleşendir. 

«Salkyn otag» hususy kärhanasynyň müşderileri daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary, «Gazprom» we hususy kompaniýalardyr. 

«Salkyn otag» hususy kärhanasynyň hünärmenleri harytlary we hyzmatlary üçin bir ýyla çenli kepillik berýär, şeýle hem kepillikden soňky hyzmaty ýerine ýetirýär. Mundan başga-da bu şereket arzanladyş aksiýalaryny yzygiderli geçirýär.

«Salkyn otag» hususy kärhanasy Täze ýylyň öňüsyrasynda -  20-30-njy dekabr aralygynda iň meşhur we has gerekli harytlar üçin «Täze ýyl arzanladyşygy» aksiýasynyň yglan edilendigini habar berdi.

Has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň