Soňky habarlar

Arhiw

FIFA, «The Best ― 2020»: Son Hyn Min ― «Puşkaş» baýragynyň eýesi

10:2618.12.2020
0
4591

FIFA tarapyndan ýylyň iň gowularyny saýlamak üçin onlaýn görnüşde geçirilen dabarada ikinji ugur ýylyň iň owadan goluny saýlamak bilen bagly boldy.

Başgaça, «Puşkaş baýragy» diýlip atlandyrylýan baýraga «Tottenhemiň» koreýaly futbolçysy Son Hyn Min mynasyp boldy. Onuň «Býornli» toparyna geçiren pökgüsi FIFA tarapyndan 2020-nji ýylda geçirilen iň owadan gol hökmünde yglan edildi.

Bu ugur boýunça koreýaly futbolçynyň bäsdeşleri Luis Suares («Atletiko») bilen Jorjian de Arraskaeta («Flamengo») boldy. Luis Suaresiň «Barselonada» çykyş edýärkä, «Malýorkanyň», Jorjian Arraskaetanyň bolsa «Saeranyň» derwezesine geçiren gollary «Ýylyň iň owadan goly» baýragyna dalaşgär boldy.

2015б 2017 we 2019-njy ýyllarda Aziýanyň «Iň gowy futbolçysy» diýlip yglan edilen Son Hyn Min bäş gezek Koreýada «Ýylyň futbolçysy» boldy. Ol FIFA-nyň ýörite baýragyna birinji gezek mynasyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň