Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy

21:3515.12.2020
0
21080

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda Aşgabat şäherinde we ýurduň sebitlerindäki merkezi arçalaryň yşyklaryny ýakmak çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň merkezi arçasy her ýyl bolşy ýaly, Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdyldy.

Şeýlelikde, şu gün Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň merkezi meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen, häzirki çylşyrymly şertlere laýyklykda taýýarlanan baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.  

 

Meňzeş habarlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň