Soňky habarlar

Arhiw

AŞTU hyzmatlarynyň üstüne ýene birini goşdy

12:5114.12.2020
0
17814
AŞTU hyzmatlarynyň üstüne ýene birini goşdy

AŞTU ― Aşgabat şäher telefon ulgamy mundan beýläk bir hyzmat üçin goýlan maliýe serişdelerini başga bir hyzmat üçin ulanmaga hem mümkinçilik berýär.

Munuň üçin AŞTU-nyň resmi web sahypasyndaky şahsy otagyňyza girmeli. Şu ýerde-de täze hyzmatdan peýdalanmak üçin jikme-jik maglumatlar bar.

Müşderi maliýe serişdelerini AŞTU-nyň Internet, IPTV we öý telefonlary hyzmatlary üçin ulanyp biler. Islän müşderi bu hyzmatlaryň birindäki serişdäni başga bir hyzmat üçin ulanyp biler. Ähli zät örän ýönekeý we amatly ýerine ýetirilýär.

AŞTU täze hyzmaty «Asman oky» hususy kärhanasy bilen bilelikde ýola goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň