Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Ante Mişe «Al-Arabi» toparyna tälim berip başlady

21:5413.12.2020
0
17119

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly 53 ýaşly hünärmen Ante Mişe Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyna tälim berip başlady. Bu barada toparyň resmi saýty arkaly habar berildi.

El-Kuwaýt şäherine wekilçilik edýän topar ýurduň Premýer ligasynda ýaryşýar. Topar 1953-nji ýylda esaslandyryldy. «Al-Arabi» ýerli duşuşyklaryny 26 müň orunlyk «Sabah Al-Salem» stadionynda geçirýär.

Häzirki wagtda «Al-Arabi» 18 utuk bilen ýaryş tertibiniň 6-njy basgançagynda barýar.

Ante Mişeniň we onuň kömekçisi Sandro Tomiçiň şertnamasynyň möhleti tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen hoşlaşandygyny ýatladýarys. Muňa Dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklarynyň pandemiýa sebäplli soňa süýşürilmegi hem sebäp boldy. Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz nobatdaky dünýä çempionatynyň yklymlaýyn saýlama duşuşyklarynda toparçada birinji orna çenli göterildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň