Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agyr atletikaçylary Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdiler

12:4711.12.2020
0
6569

Türkmen agyr atletikaçy 7-nji dekabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdiler. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Olar bu ýerde geljek ýyl Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler. Şol ýaryşlaryň ilkinjisi geljek ýylyň mart aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek Aziýa çempionaty bolar.

Agyr atletikaçylarymyz tejribeli halypalaryň ― Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Artur Emirýanyň, Ikram Matkarimowyň we halkara sport ussady Ahmet Sarýewiň, Olimpiýa oýunlaryna dört gezek gatnaşan tejribeli türgen we tälimçi Ümürbek Bazarbaýewiň we Meret Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar. Umuman, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda tamamlanar.

Şu gezekki Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlary täze özgertmeler bilen geçiriler. Ozal sekiz agram derejesinde ýaryşan erkekleriň ýaryşyna 190 türgen gatnaşan bolsa, zenan agyr ateltikaçylaryň sany 70-den geçmeýärdi. Indi agram derejeleri deňleşdirildi: erkekler hem, zenanlar hem ýedi agram derejesinde ýaryşar. Medallaryň 14 toplumy üçin 98 erkek we şonça zenan türgen göreşer.

Häzirki wagtda halkara görkezijilerine esaslanyp, biziň agyr atletikaçylarymyzdan Rejepbaý Rejebowyň, Hojamuhammet Toýçyýewiň we Kristina Şermetowanyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga has ýakyndygyny aýdyp bileris. Ýöne öňdäki saýlama ýaryşlarda gowy netije görkezseler, Öwez Öwezow, Seýitjan Mirzaýew, Maksat Meredow, Ýulduz Jumabaýewa, Polina Gurýewa, Gülnabat Kadyrowa we Aýsoltan Toýçyýewa dagylarda hem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik bar. Bu sanaw agyr atletikanyň Türkmenistandaky taryhynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyň bosagasyna gelen türgenleriň rekord derejedäki sana ýetendigini görkezýär. Mundan öňki Olimpiýa oýunlarynda birbada şunça türgenimiz dünýäniň iň iri sport baýramçylygyna ýakynlaşyp bilmändi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň