Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri GDA-nyň daşary işler ministrleriniň onlaýn Geňeşine gatnaşdy

23:4610.12.2020
0
5295

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) Özbegistanyň başlyklyk etmeginde onlaýn görnüşde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy köptaraply gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar, hyzmatdaşlygyň netijeleri we täze ugurlary, halkara hem-de sebit meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde tassyklanylmaly resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlisi 18-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Mejlisiň garamagyna ― 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy hödürlenildi. Bu resminama Daşary işler ministrlikleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri kesgitlemäge gönükdirilendir. Onuň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan başlangyjyny durmuşa geçirmekde täze möhüm ädim boldy.

Şeýle hem DIMG-niň mejlisinde BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamsynyň taslamasy kabul edildi.

Ministrler tarapyndan kabul edilen möhüm resmnamalaryň ýene-de biri halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasydyr.

Täze Beýannama maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalaryny bikanun ulanmagyň öňüni almak ulgamynda GDA döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmäge, maglumat ulgamynda esasy wehimleri kesgitlemäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Türkmen tarapy GDA-da 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly –Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi mübärekledi we goldady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň