Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ilaty azyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek meselesi ýene bir ýola örboýuna galdy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow öz hasabatynda bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada aýtdy.
Döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawlaryň hem-de milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda hem giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
Milletiň Lideri ministre azyk harytlarynyň talabalaýyk saklanylmagyny hem-de terligi bilen ilata ýetirilmegini üpjün etmek üçin welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bar bolan sowadyjy ammarlardan ýerlikli peýdalanylmalydygyna hem-de olary döwrebaplaşdyrmak we kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Bu mesele Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň hasabatynda hem öz beýanyny tapdy. Ol azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň zerur bolan çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleler barada hasabat berip, gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda ýyladyşhanalary, maldarçylyk toplumlaryny gurmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigini aýtdy.
Umuman, döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygy aýdyldy.
Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu işlerde orta we kiçi telekeçiligiň eýeleýän möhüm ornuny göz öňünde tutup, hususy ulgamda işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülmelidir. Hususan-da, döwlet Baştutany içerki bazaryň azyk we, ilkinji nobatda, beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, dükanlarda we bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça möhüm işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.