Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady. Bu barada TDH ýazýar.
«Gahryman Arkadag Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady» diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşmede bellenilişi ýaly, bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilipdi.
Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki döwletleriň guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Aksakgallary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasydyr.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Şeýle hem Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.