Hytaý 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan daşary ýurt gaty galyndylaryny import etmegi bes edýär

11:4203.12.2020
0
2331

Hytaý hökümeti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan daşary ýurtlardan gaýtadan işlemek üçin getirilýän gaty galyndylaryň importynyň togtadylandygyny habar berdiler.

Hytaýyň Ekologiýa we daşky gurşaw ministrligi, Söwda ministrligi we Gümrük Baş müdirligi 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan gaýtadan işlemek üçin daşary ýurtlardan getirilýän gaty galyndylaryň importynyň togtadylandygyny we gaýtadan işleýän desgalaryň indiki ýyldan başlap, diňe ýurduň zerurlyklary üçin işlejekdigini aýtdy.

Hytaý 1980-nji ýyllarda daşary ýurtlardan gaty galyndylary import edip başlady we bu döwürde dünýäde iň kän galyndy import ediji döwlet boldy. Şeýle-de bolsa, Hytaý hökümeti 2017-nji ýylda beýleki ýurtlardan zibil importyny azaltmaklyk üçin çäreleri görüp başlady. Ilki bilen, hytaý hökümeti 24 sany gaty galyndyny, şol sanda açylmadyk kagyz we dokma önümleriniň galyndylarynyň importyny ýatyrdy.

Hytaý 2018-nji ýylda daşary ýurtlardan plastik galyndylaryň getirilmeginiň gadagan edilendigini yglan edeninden soň gaty galyndy importy çalt azaldy. Şeýlelik bilen, 2018-nji ýylda 22,6 million tonna bolan gaty galyndy importy 2019-njy ýylda 13,5 million tonna çenli azaldy. Geljek ýyldan başlap, Hytaýyň galyndylary gaýtadan işleýän desgalary diňe ýurduň zerurlygy üçin işlär.

Jenna Jambekiň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-ly we Awstraliýaly alymlar toparynyň geçiren ylmy-barlaglaryna görä, dünýädäki plastik galyndylaryň köpüsi Hytaýda (dünýädäki galyndylaryň 30 göterimi) we Indoneziýada gaýtadan işlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň