Soňky habarlar

Arhiw

Stambuldan gelen uçar ýene bir gezek türkmen raýatlaryny Watanyna getirdi

13:2930.11.2020
0
51840

Şu gün irden Stambuldan ýola çykan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary, koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar togtadylandan soň, daşary ýurtda bolmaga mejbur bolan watandaşlarymyzy Türkmenabat halkara howa menziline getirdi. Bu barada howa menziliniň maglumat gullugynda habar berildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda, gelen ähli raýatlar hökmany karantinden geçerler.

Mundan öň Türkmenistanyň hökümeti «COVID-19» pandemiýasynyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurtlardan gaýdyp bilmedik watandaşlarymyzy yzyna gaýtarmaklyk üçin Hindistandan, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan,

Ukrainadan we Tatarstandan Türkmenabat halkara howa menziline çarter uçuşlaryny gurady.

Biziň raýatlarymyzyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we Özbegistandan getirilmegi hem tertip boýunça guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň