Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Jozef Baýdeni ABŞ-niň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

22:5829.11.2020
0
12607

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleriniň esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belleýär.

Milli Lider Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň haklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

Hormatly Prezident ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde ABŞ-nyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünliklikleri gazanmagy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň