Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow we Aşraf Gani bilelikdäki taslamalary we Owganystanda gurlan metjidiň açylyş dabarasyny ara alyp maslahatlaşdylar

23:0328.11.2020
0
10400

28-nji noýabrda owgan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan netijeli ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigi, goňşy ýurduň durnukly ösüşine netijeli doganlyk goldawynyň berilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ählumumy gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, iki döwletiň Baştutanlary häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine ylalaşykly we bir bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Dünýäniň ägirt uly giňişligini gurşap alan we halkara ykdysady gatnaşyklaryna, köpsanly döwletleriň we halklaryň durmuş derejesine ýaramaz täsiri bolan СOVID-19 ýokanjy häzirki döwrüň wajyp wezipesine öwrüldi.

Türkmenistan dünýä bileleşiginň bu howply wehime garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryny doly goldaýar we bu ugurda ylalaşykly hereketleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, medeni pudaklarda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taraplaryň özara hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň