Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi” ady nireden gelip çykýar?

20:4727.11.2020
0
3002

Dünýäniň öňdebaryjy smartfon öndüriji kompaniýalaryň biri bolan “Xiaomi”-niň ýolbaşçysy Lei Jun kompaniýanyň adynyň nähili goýlandygy barada gürrüň berdi. Ýolbaşçy kompaniýa üçin at gözlänlerinde gyzyl ýyldyz, gyzyl burç we gara tüwi ýaly atlaryň teklip edilendigini aýtdy. Emma bu atlar täze kompanýanyň ýolbaşçylar geňeşi tarapyndan kabul edilmändir. Soňra hytaý dilinde tüwi diýmegi aňladýan “Mi” sözi teklip edilipdir. Kompaniýanyň orunbasary Lýu Sin bolsa bu sözden “Xiaomi” sözüni döredipdir. Şeýlelikde, brendiň ady peýda bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň