Turkmenportal logo
25.11.20
19411941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýada wodorod bilen işleýän otly gurdular

Germaniýanyň «Deutsche Bahn» atly döwlet demirýollary edarasy bilen Germaniýanyň tehnologiýa ägirdi bolan «Siemens» şereketiniň hünärmenleri bilelikde 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola barýança azaltmaklyk meýilnamasynyň çäginde wodorod bilen işleýän otlylary öndürendikleri barada beýan berdiler. Beýanda hünärmenler bu otlynyň işe giriziljek wagtyna – 2024-nji ýyla çenli  wodorod beketlerini hem döredip, ulanylyşa goýberjekdiklerini beýan etdiler.


Wodorod bilen işleýän otlynyň 2024-nji ýyldan öňürti bir ýyllap Günorta Germaniýanyň Baden-Wýurtemberg welaýatynyň 600 kilometrlik demirýol ulgamynda synagdan geçiriljekdigi barada hem maglumat berilýär. 2024-nji ýylda işe giriziljek bu otlynyň ýylda 330 tonna CO2 tygşytlajakdygy we iň ýokary tizliginiň sagatda 160 kilometre ýetjekdigi mälim edildi.


Wodorod bilen işleýän otlynyň bahasy 5-10 million ýewro aralygynda bolar. «Siemens» şereketiniň baş direktory Maýkl Piter: «Geljek 10-15 ýylda Ýewropada öňki hereket edýän otlular 10 – 15 müň sany wodorod bilen işleýän täze otlylar bilen çalşylar.» – diýip belledi.