Soňky habarlar

Arhiw

Katarly kompýuter inženeri Abdurahman Hamis «akylly doga halysyny» ýasady

17:4425.11.2020
0
1205

Katarly kompýuter inženeri Abdurahman Hamis namaz okamagy öwredýän we telefon programmasy arkaly dolandyrylyp bilinýän «akylly doga halysyny»  ýasady. Bu haly dünýäde ilkinji «akylly doga halysydyr».

Häzirki wagtda ýüz tutmalara görä, bu akylly halynyň arap we iňlis dillerinde dolandyrylmagyna aýratyn üns berlendigini mälim eden Hamis: «Häzirlikçe arap we iňlis dillerine üns berdik, emma talaplara laýyklykda geljekde başga dilleri hem goşup başlarys.»   – diýip belledi.

Hamis, 2 müň 300 çap sensorynyň hem-de emeli intellektual derňew algoritmleriniň kömegi bilen «akylly doga halysynyň» namazy bozup biljek islendik ýagdaýy düzedip biljekdigini aýtdy. 

Maksadynyň girdeji gazanmaklyk däldigini, diňe bu halynyň önümçiligine çykaran çykdajysynyň bahasyny talap edýändigini mälim eden Hamis, önümçilik gözlegleriniň henizem dowam edýändigini we «akylly doga halylarynyň» bahasyny gysga wagtda kesgitlejekdigini dile getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň