Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda raýatlaryň maksatsyz hereketlerine çäklendirme girizilýär

16:2524.11.2020
0
2266

Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňaýly tejribesini, şeýle hem dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, Türkmenistanda raýatlaryň maksatsyz hereketlerine çäklendirmeler girizilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, howp toparyna girýän şahslaryň, şol sanda 50 ýaşdan uly raýatlaryň şäherara we welaýatara ugurlar boýunça hereket etmegine çäklendirme girizilýär.

Şeýle hem 50 ýaşdan uly işgärleriň ýurduň sebitlerine gulluk saparlary çäklendirilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanda täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýynyň hem häzirki wagta çenli ýüze çykarylmandygyna garamazdan, ýurtda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini dakmaklyk hem-de beýleki birnäçe çäklendirmeler girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň