Soňky habarlar

Arhiw

“Serie A”-da Ibrahimowiç we “Milanyň” şemaly belentden öwüsýär

15:0023.11.2020
0
876

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da “Milan” we weteran futbolçy Zlatan Ibrahimowiç hemmäni geň galdyrmagyny dowam edýär. Myhmançylykda “Napolini” Ibrahimowiç (20, 56) we Haugeniň (90+4) gollary bilen 3-1 ýeňen “Milan” “Serie A”-da 20 oýundan bäri ýeňilmän gelýär (15 ýeňiş, 5 deňlik). Duşuşykda 2 gol gezek tapawutlanan Zlatan Ibrahimowiç “Serie A”-da 6 oýunda 10-njy goluny geçirdi. Bu gollardan soň, Ýewropanyň TOP – 5 çempionatyndaky gollarynyň sany 288-e ýeten Ibrahimowiç bu ugurda Gordon Hojsondan öňe saýlanyp, 8-nji basgançaga çykdy. Bu ugurda Ronaldo 1-nji (455), Messi (447) 2-nji hatarda barýar. Şeýle-de Zlatan Ibrahimowiç 8 oýunda 10 gol geçirip, soňky 78 ýylda “Serie A”-da şeýle netije görkezen iň uly futbolçy boldy. Ondan öň 1942-1943 möwsüminde Silwio Piola 29 ýaşynda ilkinji 8 oýunda 10 gol geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň