Soňky habarlar

Arhiw

Geljekki türkmen diplomatlary bilen "Expo-2020" sergisi boýunça sapak geçildi

17:5621.11.2020
0
6692
Geljekki türkmen diplomatlary bilen "Expo-2020" sergisi boýunça sapak geçildi

20-nji noýabrda BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili jenap Abdulaziz Al-Haşeminiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary bilen duşuşugy bolup geçdi.

Talyplar bilen söhbetdeşligiň barşynda ilçi Dubaýda geçiriljek Bütindünýä sergisi 2020 barada jikme-jik aýdyp berdi, Mälim bolşy ýaly sergi geljek ýyla süýşürildi we 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýylyň martyna çenli geçiriler. Jenap Al-Haşeminiň aýtmagyna görä, bu bütindünýä sergisi dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini hyzmatdaşlyk we innowasiýa ruhunda birleşdirmäge ýardam eder. Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we mümkinçilikleri, ýygjamlygy we durnuklylygy bilen geljek üçin esas boljak pikirleri durmuşa geçirmäge ymtylýarlar.

Türkmenistan sergide “Akyllary birleşdirmek, geljegi döretmek” şygary bilen sergisini hödürlemäge taýýarlyk görýär.

Türkmenistan we BAE bar bolan hyzmatdaşlygy berkitmek we täze gatnaşyklar gurmagy maksat edinýärler. Jenap Al-Haşemi Dubaýda geçiriljek “Expo 2020” -e gatnaşmagyň Türkmenistana ýurduň gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek üçin niýetlenen maksatnamalar bilen tanyşmaga we ýurduň tehnologiýalaryny, ylmy ösüşleri, harytlary we hyzmatlary dünýä bazarynda ösdürmäge goşant goşjakdygyny aýtdy.

Dubaýda geçiriljek “Expo 2020” täze aragatnaşyk gurmak, dürli ugurlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geografiýasyny giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Hususan-da, diplomat: "Biziň ýolbaşçlygymyz bu bütindünýä sergisiniň BAE-nyň gymmatlyklarynyň hakyky beýany bolmagy, biziň, sebit we dünýä üçin has gowy geljegi gurmak islegimiziň aýdyň nyşany bolmagy üçin öz tagallalaryny gaýgyrmady, bize bu ugurda işlemegimiz üçin gönükdirdi we ähli mümkinçilikleri döretdi” diýip nygtady.

Duşuşykda jenap Abdulaziz Al-Haşemi geljekki diplomatlar bilen söhbetdeş bolup olaryň birnäçe sowallaryna jogap berdi.

Institutyň zalynda BAE-nyň ilçihanasy tarapyndan Expo 2020 Dubaýa bagyşlanan surat sergisi gurnaldy, onda Türkmenistan we BAE pawilionlarynyň binagärçiligi öz aýdyň beýanyny tapdy. Duşuşygyň ahyrynda diplomat institutyň talyplaryna sowgatlary gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň