Türkmenistanyň Maliýe we ykydysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörita maksatnamasynyň (SPEKA) wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ykdysady forumyna gatnaşdylar. Onda “COVID-19” pandemiýasyndan soňky durmuş-ykdysady dikeldişe goldaw bermekde sebitleýin hyzmatdaşlyk” mowzugy boýunça pikir alyşmalar boldy ― diýip, TDH habar berýär.
Onlaýn-duşuşygy BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň hem-de BMG-niň Ýewropa ykydysady komissiýasynyň goldaw bermeginde geçirildi.
Iki günlük maslahata gatnaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümleriniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, iri maliýe edaralarynyň wekilleri, SPEKA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, dünýäniň öňdebaryjy düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen özara bähbitlt hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
2019-njy ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň şu Maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde “SPEKA günleriniň” üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň çözgüdine, häzirki zamanyň möhüm şertlerini, dünýä ösüşiniň meýillerini nazara almak bilen, halkara hyzmatldaşlygynyň täze ugurlaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde döwletimiz milletler bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen birnäçe ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we dünýä ykdysadyýetine goşulmagyna gönükdirilendir. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.
Ykdysady foruma gatnaşyjylar netijeli üstaşyr geçelgeleri, şol sanda SPEKA sebitinde ygtybarly ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň ýurtlarymyzyň her biri üçin bähbitli esasy ugurlaryň biridigini nygtadylar.
Belenilişi ýaly, SPEKA döwletleri sebitiň içinde bolşy ýaly, häzirki emele gelen çylşyrymly pursatda özleriniň esasy söwda hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Serhetüsti söwda işlerini ýönekeýleşdirmegiň we üstaşyr gatnaşyklary, durnukly önümçilik-söwda ugurlaryny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyna üns berildi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýetiň döredilmeginiň 2030-njy ýyla çenlli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmekde aýratyn ähmiýetlidigini belleýär. Bu mesele ýokanç keselleriň ýaýran döwründe durmuş-ykdysady taýdan dikeldiş boýunça tagallalaryň üns merkezinde saklanylmalydygy bellenildi.
Ykdysady forumyň ikinji gününde edilen çykyşlarda söwda we ulag ulgamalarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerine ýetirmek, BMG-niň standartlaryny peýdalanmak arkaly sanly geçelgeleri we “Bitewi penjire” ulgamyny ösdürmek, aň-bilim meselelerini işjeňleşdirmek wezipeleri beýan edildi.
Maslahatda ykdysady syýasat, maliýe-býujet, pul-karz çäreleri we SPEKA ýurtlarynda koronawirusyň ýaýran döwründen başlap girizilen çäreler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, maslahatyň aýry-aýry mejlisleriniň çäklerinde wideo-foruma gatnaşyjylar pikir alyşmak we özleriniň anyk teklipleri hem-de bu günki duşuşygyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleri çözmek üçin netijeli gatnaşyklar boýunça pikirlerirni aýtmak mümkinçiliklerine eýe boldular.
Ertir, ykdysady forum öz işini dowam eder. Onuň jemleri SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji noýabrda boljak 15-nji mejlisinde jemlener.