Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar sebitinde aralyk ekinlerden bol hasyl alyndy

15:4917.11.2020
0
12344

Lebap welaýatynyň daýhanlary şu ýyl bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekmek bilen, olardan bol hasyl aldylar. Netijede, bu günki toý saçagyna olar gawun-garpyzyň, mäşdir noýbanyň, jöwen, dary, künji we şaly ýaly birnäçe azyk önümleriniň ýeterlik möçberini goýdular. Dogrusy, daýhany galkyndyran, bazarlarymyzy baýlaşdyran bu önümler göreniň gözüni dokundyrýar. Toý palawynyň-da aralyk ekin bolan şalynyň täze hasylyndan bişirilmegi onuň tagamyny artdyrýar. Şu ýyl welaýatda 10 müň gektardan gowrak ýere ekilen şalydan 49 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Ak bazarda çuwal-çuwal basylyp goýlan ak tüwiniň bahasy-da elýeterli.

Hawa, bu gün türkmeniň toý saçagynda adyny tutan zadyň bar. Berhizlik önüm hasaplanylýan mäşdir noýbanyň her birinden 10-dan gowrak tagam taýýarlanylýar. Olaryň ählisi-de dürli dertleri dep edýän berhizlik tagamlar hasaplanýar. Şu ýyl Lebap welaýatynda bugdaýdan boşan 60 müň gektara golaý ýerde aralyk ekinler ekildi. Olaryň ählisinden-de ýokary hasyl alyndy.

Öz işiniň hakyky ussatlary bolan daýhanlar aralyk ekinleriň görnüşlerini ýylsaýyn artdyrýarlar. Netijede, dary, künji, ýer hozy ýaly ekinleriň-de meýdany barha giňelip barýar. Şu ýyl diňe bir Kerki etrabynda darynyň 200, ýer hozunyň-da 50 tonna golaýy öndürildi. Bu işe ýerli telekeçiler hem goşuldylar. Uzak ýaýlalardaky meýdanlarda olar birnäçe aralyk ekinleriň synag işlerini geçirdiler. Netijede, Kerki etrabynyň Gülüstan ýaýlasynda şu ýyl ilkinji gezek ekilen günebakar, künji, ak jöwen, şaly ýaly ekinlerden gowy hasyl alyndy. Aganyýaz Haýydow, Babamyrat Italmazow, Döwletgeldi Bäşimow ýaly mülkdarlar şu günler eýýäm geljek ýylyň hasylynyň aladalary bilen ýaşaýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, aralyk ekinler topragyň düzümini baýlaşdyryp, haşal otlaryň bitmezligine-de öz täsirini ýetirýär. Aralyk ekinden soňra onuň yzyna nähili ekin ekseň-de, gowy hasyl berýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzyň şertlerinde aralyk ekinler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bugdaýdan boşan ýere köp harajat etmezden, aralyk ekinleriň haýsysyny ekseň-de, gowy girdeji gazanyp bolýar. Daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşyp, ýeriň, suwuň tölegini töläniňden soňra, ýetişdiren önümiň özüňki. Isle, öýüňe bas, isle-de, bazarda sat, ol öz işiň. Iň esasy zat, güýzde galla ekişine ýeri boşadyp bermeli. Muny aňryýany bilen berjaý edýän daýhanlar eýýäm öz gazanan girdejilerine dürli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alyp başladylar.

Ine, şeýdip bazarlarymyzy dürli görnüşli önümlerden doldurýan daýhanlar, mülkdarlar halal baýap, rysgally, döwletli önüm öndürijilere öwrülip barýar. Özüniň gazanç-girdejisini halal zähmetden tapan şeýle gurply daýhanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzda önüm bolçulygyny döretmekde olaryň-da mynasyp paýy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň