Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi

11:5714.11.2020
0
7663

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi.

Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleri, Malaýziýada akkreditirlenen Ilçiler, diplomatlar, Malaýziýanyň Strategiki we halkara barlaglar institutynyň dolandyryş müdiri we ýerli işewür adamlar gatnaşdylar.

Halkara maslahatyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda şu ýyl Türkmenistan özüniň häzirki taryhynda möhüm senäniň - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berkidilmeginiň 25 ýyllygyny belläp geçýär, diýip aýtdy. Ol sözüni dowam edip, Bitaraplyk ýörelgeleri, onuň gymmatlyklary we dünýägaraýşy Türkmenistanyň milli bähbitlerine, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýändigini subut etdi, diýip belledi.

Halkara maslahatynda çykyş eden Owganystanyň, Müsüriň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri türkmen halkyny we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentini bu möhüm sene bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýetini belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň