Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburgdaky “Lakhta Center” ýylyň gökdiräni saýlandy

16:1212.11.2020
0
2639

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Lakhta Center” binasy “Emporis” tarapyndan 2020-nji ýylyň gökdiräni saýlandy. Ýewropanyň iň beýik binasy bolan “Lakhta Center” 87 gatly bolup, gökdiräniň beýikligi 462 metre deňdir. Alaw şeklindäki bina 16 müň aýna böleginden guruldy. 700 gökdiräniň arasyndan saýlanan “Lakhta Center” binasyny “Gorproject” bilen RMJM bilelikde dizaýn etdi. Yklymyň iň beýik binasy bolan bu gökdirän dünýäde 14-nji ýeri eýeleýär. “Emporis”-iň yglan eden bäsleşiginde Hytaýyň paýtagty Pekindäki “Leeza Soho” gökdiräni 2-nji, ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherindäki owadanlygy bilen tapawutlanýan “Hudson Yards” binasy 3-nji ýeri eýeledi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň