Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

23:1610.11.2020
0
14872
Aşgabatda täze «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi bina edildi. 3,8 gektar meýdany eýeleýän 43 müň 560 inedördül metr ýerde 3 gatly bina guruldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, söwda-dynç alyş merkezinde jemgyýetçilik iýmit kärhanasy bolup, 800 we 400 orunlyk toý dabaralary geçirmek üçin 2 sany zal, 200 we 100 orunlyk restoran, 5 sany çaýhana ýerleşdirilipdir.

Bu ýerde 15 müň inedördül metr ýerde bölek söwda dükany bar. Alyjylara ýokary hilli harytlary hödürleýän marketleriň we söwda dükanlarynyň 65-si häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde durmuş hyzmatlary edarasy we dermanhana ýerleşýär.

Söwda merkezinde 90 orunlyk kino zallaryň 2-si, köp dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Çagalar üçin oýun meýdançalaryň 4-si göz öňünde tutulypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň