Top.Mail.Ru

Ýalçyn Topçu: «Dünýä dursun, sen dur Ata Watanym Türkmenistan!»

13:4830.10.2020
0
1869

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde  Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň  hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurnalan surat sergisinde Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu çykyş edip: «Goý, dünýä dursun, sen dur Ata Watanymyz Türkmenistan» – diýen buýsançly sözleri dile getirdi. 

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde  Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň  hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurnalan surat sergisine Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Halkara Türk medeniýeti guramasynyň –  TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Işanguly Amanlyýew, IÝI partiýasynyň Samsundan deputaty Bedri Ýaşar, AK partiýasynyň Erzurumdan deputaty  İbrahim Aýdemir we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Çärede çykyş eden Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu doganlyk ýurdumyz bolan Türkmenistana  berlen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 185 agzasy tarapyndan biragyzdan tassyklanandygyny we munuň syýasy we diplomatik üstünlikdigini aýtdy.

Ýalçyn Topçu: «Türkiýäniň paýtagty Ankarada  doganlyk ýurdumyz Türkmenistanyň bu ähmiýetli gününi medeniýet we sungat çäresi bilen gün tertibine getiren ilçi Amanlyýew Işangula we TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Kaseinow Dýusena öz  minnetdarlygymy bildirýärin we bu ýerde siziň bilen duşuşýandygyma özümiň örän şatdygymy aýdasym gelýär.» – diýip belledi.

Ýalçyn Topçu öz çykyşyny: «Biz  taryhy, dili, dini, medeniýeti we şöhratly geçmişi bir bolan iki doganlyk ýurtdyrys. Biziň syýasat, söwda, ykdysadyýet, medeniýet we bilim ýaly möhüm ugurlarda dowam edýän netijeli gatnaşyklarymyzyň esasynda  iki döwletiň iki doganlyk halky bolup, bilelikde uly  üstünlikleri gazanjakdygymyza  ynanýaryn. Goý, dünýä dursun,  sen dur ata Watanymyz Türkmenistan!» – diýen buýsançly sözler bilen tamamlady.             

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow öz çykyşynda Türkmenistanyň öz milli gymmatlyklaryna ygrarly bir döwletdigini we ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin tagalla edýändigini aýtdy.        

Çärede Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew çykyş edip, 2020-nji ýylyň öz ýurdunda  «Türkmenistan Bitaraplygyň Watany ýyly» diýlip yglan edilendigini we  köp sanly milli hem halkara çäreleriniň guralandygyny aýtdy.      

«Medeniýet we sungat pudagy, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň möhüm görnüşi bolany üçin, Türkmenistany halkara arenasynda global progressiw özgerişleriň başlangyç ýurdy hökmünde ykrar etmeklik nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir.» – diýip bellän Işanguly Amanlyýew öz çykyşynyň ahyrynda Hemişelik Bitaraplygyň türkmen döwletiniň ählumumy parahatçylyk, abadançylyk we durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm faktordygyny aýtdy.        

Sergide Türkmenistanyň medeni we tebigy gözelliklerini şekillendirýän ýerli we daşary ýurtly suratçylaryň suratlary görkezildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň