Arhiw

Türkmenistanyň we Bahreýniň Mejlisleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

23:3428.10.2020
0
4926

Türkmenistanyň Mejlisinde Bahreýn Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň geňeşiniň başlygy Fawziýa Abdulla Ýusuf Zaýnal bilen duşuşyk geçirilip, onda türkmen-bahreýn parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek baradaky meseleler esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugur boldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň şeýledigine şu ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al-Halifanyň arasynda geçirilen telefon gepleşikleri hem şaýatlyk edýär. Şonda häzirki eýýamda täze mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berildi. Iki döwletiň Liderleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi babatda möhüm ugurlary anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň wajypdygy bellenildi. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreler görülýär.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlugyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň