Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä syýahatçylygynyň dikeldilmegi üçin 18 aý gerek bolar

10:0628.10.2020
0
925

Bütindünýä jemgyýetçiligini gurşap alan “Covid-19” ýokanç keseli  köp ýurtlaryň halk hojalyk pudaklarynyň ählisine diýen ýaly täsir etdi. Bu täsire sezewar bolan pudaklaryň biri hem syýahatçylyk ulgamydyr. Ýurtlaryň ykdysady ösüşine diýseň uly goşant goşýan syýahatçylyk pudagynyň gysga döwrüň içinde dikeldilip bilinmejegi barada bütindünýä jemgyýetçiligine mälim edildi.

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň başlygy Gloriýa Guewara, koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä syýahatçylyk pudagynyň dikeldilmeginiň 2022-nji ýyla çenli dowam edip biljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol, örän gysga wagtyň içindäki dikeldişiň halkara hyzmatdaşlygyna baglydygyny nygtady.


Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda geçirilen “Future Hospitality” (“Geljekki myhmansöýerlik”) sammitine gatnaşan Guewara öz çykyşynda: “Syýhatçylygy 18 aýdan soň dikeldip bileris. Ýöne, bu döwür halkara hyzmatdaşlygyna baglylykda üýtgäp biler. Käbir ýurtlar pandemiýa döwründe çäklendirmeler girizip gowy karara geldiler, ýöne olaryň syýahatçylyk biznesini açmaklyk meýilnamasy ýok. Syýahatçylyk bir ugurda amala aşyrylmaýar, köp pudaklaryň hyzmatdaşlygy bilen mümkindir.” – diýip belledi. Şeýle-de, ol sözüniň dowamynda bolsa: “Biziň maksadymyz kompaniýalaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýmaklyk  we ýurtlara syýahatçylyk işlerine täzeden başlamagy üçin ýardam etmeklik bolup durýar.” – diýip nygtady. Mundan başga-da, Guewara Angliýanyň paýtagty Londondan Dubaýa we Nýu-Ýorka uçuşlary ýola goýmaklyk üçin dürli ýygnaklary geçirendiklerini aýtdy. 

Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň başlygy  Gloriýa Guewara, 2022-nji ýyla çenli syýahatçylyk pudagy kadaly ýagdaýa gelmese, 100 million adamyň işsiz boljakdygyny duýdurdy we bu meseläni çözmeklikde  koronawirus sanjymynyň  möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

“Ýylyň ahyrynda sanjymyň boljakdygyna ynanýarys, ýöne sanjymyň paýlanyşynyň nähili boljakdygyny bilemzok. Şol sebäpli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýene bir gezek aýdasym gelýär. Syýahatçylyk pudagynyň dikeldilmegine isleg bildirýän  her bir döwletiň öz raýatlary üçin zerur bolan sanjymy alyp biljekdigine ynam bildirýäris.” – diýip bellemeklik bilen,  Gloriýa Guewara öz çykyşyny tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň