Soňky habarlar

Arhiw

Singapur resminamalaryň hakykylygyny tassyklamaklyk üçin ýüz tanamak tehnologiýasyny ulanan ilkinji döwlet bolar

12:3220.10.2020
0
1075

Singapur jemgyýetçilik amallarynda şahsyýeti anyklamaklyk babatda ýüz skaneri tehnologiýasyny ulanan ilkinji döwlet bolar. 

Geljek ýyldan başlap,  Singapuryň raýatlary we bu ýurtda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar döwlet edaralarynda ýa-da bank saparlarynda öz şahsyýetnamalaryny görkezmegiň ýerine, olaryň özleri şahsyýetiňi anyklaýan ýüz skaneri tehnologiýasyndan barlagdan geçerler. 

Singapur Tehnologiýa Guramasynyň (GovTech) hünärmeni Kwok Guek Sin şeýle usul bilen adamlaryň parollary ýatda saklamaga ýa-da elektron açarlary götermäge borçly däldigini düşündirmeklik bilen: “Biz raýatlarymyza we kompaniýalarymyza peýdaly tehnologiýalary ulandyrmaklyk bilen, bu ugurda öňdebaryjy bolmak isleýäris.” – diýip belledi.

Ýüz skaneri tehnologiýalary, eýýäm Singapuryň serhet derwezelerinde, käbir kompaniýalarynda we raýatlarynyň smartfonlarynda bar bolsa-da, döwlet bu tehnologiýanyň ulanylyşyny hasam giňeltmek maksady bilen, maglumatlar bazasyny döredýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň