Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýa kompaniýalarynyň assossiasiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer

11:2819.10.2020
0
8185

15-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň tertibinde “Palfinger AG”, “Rosenbauer AG”, “LGP GmbH”, МВА MLE-SGC Consulting GmbH, “Liebherr” we beýleki öňde barýan awstriýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi ― diýip, TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

Türkmen tarapyndan aragatnaşyga Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, “Türkmendeňizýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoýollary” agentliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çykdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Awstriýanyň wekilleri ugurlaryň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny bildirmek bilen, Awstriýa kompaniýalarynyň assossiasiýasyny döretmek hakynda habar berdiler. Hususanda, IT-tehnologiýalary, gurluşyk ulgamynda, dag gazyp çykaryş, burawlama pudagynda ulgamlar we gurnamalar, turbageçiriji we sorujy ulgamlary, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy üçin ulgamlar we toplum birlikleri çygrynda kompaniýanyň işi hakyndaky maglumatlar berildi.

TSTB agzalary awstriýaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge taýýarlygyny bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň