Noýabr aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde täze binalaryň uly toplumy açylyp, ulanmaga berler

22:0516.10.2020
0
11856
Noýabr aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde täze binalaryň uly toplumy açylyp, ulanmaga berler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 16-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralaryň birnäçesi geçiriler. Noýabr aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Saglyk» binasy hem-de ýaşaýyş jaýlary, 200 orunlyk «Bagabat» şypahanasy we oňa barýan 23 kilometrlik awtomobil ýoly, Gökdepe etrabyndaky 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar.

Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda iri ýaşaýyş toplumynyň, awtomobil ýolunyň, «Türkmen alabaýy» heýkeliniň hem-de Söwda we dynç alyş merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda bolsa Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar. Täze desgalaryň hatarynda önümçilik maksatly binalaryň birnäçesi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň