Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň demirýolçulary täze taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

23:2814.10.2020
0
19331

Şu gün “Turkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Gazagystan demir ýoly» milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.
Duşuşykda hökümetara ylalaşyklary durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ýewropa bilen Aziýany baglaýjy möhüm halka hökmünde Türkmenistan — Gazagystan — Eýran transmilli ulag geçelgesiniň işlemegi, şeýle hem “Demirgazyk — Günorta” demir ýolunyň hereket etmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda ony ulanmak boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesi kabul edildi.
Taraplar halkara ulag-üstaşyr ýollaryň geçirijilik ukybyny netijeli peýdalanmak, demir ýol konteýnerleriniň daşalýan mukdaryny has-da artdyrmak hem-de olaryň çäklerini giňeltmek maksady bilen nyrh syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dürli ugurlarda durnukly ýük daşalmagyny üpjün edýän, ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň hem-de halklarymyzyň durmuş derejesiniň ösüşi bilen bagly logistika ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi hakynda-da durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň