Türkmenistan ÝB-den ýene-de birnäçe raýatyny alyp gaýtdy

10:0612.10.2020
0
20523
Türkmenistan ÝB-den ýene-de birnäçe raýatyny alyp gaýtdy

Türkmenistan öz raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmegi dowam etdirýär.

Şu gün irden «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Boeing 737-800» kysymly uçary bilen koronowirus pandemiýasy sebäpli, Ýewropa Bileleşiginde galmaga mejbur bolan watandaşlarymyzyň birnäçesi ýurdumyza ugradyldy.

Olar T5486 belgili gatnaw bilen Mýunhen şäherinden Türkmenistana sary ýola düşdüler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda Germaniýadan gelen ähli raýatlarymyz hökmany iki hepdelik karantini geçerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň