TÝL — 2020: «Altyn asyr» myhmançylykda «Şagadamy» ýeňdi, «Köpetdag» bilen «Nebitçi» deňme-deň oýnady

22:5310.10.2020
0
5018

Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyryna badalga berildi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» ýaryşyň öňdebaryjysy «Altyn asyry» kabul etdi. Duşuşyk paýtagtdan baran futbolçylaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Aragatnaşykçylaryň» iki pökgüsini hem Mihail Titow geçirdi. 43-nji we 75-nji minutlarda tapawutlanan hüjümçi Ýokary liganyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 7-ä çykardy.

Şu möwsümde 40 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar bolmagy başaran «Altyn asyr» «Ahal» bilen aralygy 5 utuga çenli uzaltdy. Türkmenistanyň çempionatynda iň soňky gezek şu ýylyň 9-njy maýynda «Nebitçiden» utulan «aragatnaşykçylar» şondan bäri bassyr 11 duşuşykda ýeňilmän gelýärler. Ýaryş tertibiniň üçünji ornundaky «Şagadam» bolsa 28 utukda galdy.

Beýleki bir ugurdaş duşuşyk Aşgabatda geçirildi. Onda Türkmenistanyň IIM-niň «Köpetdag» futbol topary Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi.  Dartgynly pursatlara baý bolandygyna garamazdan, duşuşykda hasap açylmady. Ýer eýeleri bolsa 74-nji minutda öňde geçmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilmediler. Goragçy Serdar Baýramow 11 metrlik jerime urgusyny dürs peýdalanmady. «Nebitçiden» Saýat Gulyýewiň ikinji sary kartdan oýundan çykarylandygyny hem aýtmak gerek.

Şeýlelikde, utugyny 27-ä çykaran «Köpetdag» dördünji, 14 utukly «Nebitçi» bolsa ýedinji orunda galdy.

Aslynda, şu gün geçirilmegi meýilleşdirilen «Ahal» — «Merw» we «Energetik» — «Aşgabat» duşuşyklary başga güne süýşürildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu duşuşyklaryň 13-nji 14-nji oktýabrda geçiriljekdigini habar berýär.

 «Köpetdag» — «Nebitçi» — 0:0

Duýduryşlar: Baýramgeldi Gulmaýew 35, Elýas Akyýew 79, Resul Çaryýew 90+4, Serdar Baýramow 90+5, Möwlamberdi Goşşanow 90+5 —  Saýat Gulyýew 62

Oýundan çykarylan:   80 Saýat Gulyýew, ikinji duýduryş (“Nebitçi”)

Bellik: Duşuşygyň 74-nji minutynda Serdar Baýramow (“Köpetdag”) 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

 

 “Şagadam” – “Altyn Asyr” – 0:2

Gollar: 43, 75 Mihail Titow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 28 Mihail Titow, 56 Rahman Myratberdiýew, 60 Zafar Babajanow, 90+1 Furkat Tursunow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

17

12

4

1

45-13

40

2.

“AHAL” FK

16

11

2

3

34-12

35

3.

“ŞAGADAM” FK

17

8

4

5

26-19

28

4.

“KÖPETDAG” FK

17

7

6

4

19-14

27

5.

“AŞGABAT” FK

16

4

5

7

16-25

17

6.

“MERW” FK

16

5

1

10

16-26

16

7.

“NEBITÇI” FK

17

4

2

11

14-39

14

8.

“ENERGETIK” FK

16

2

2

12

14-37

8

 

Iň netijeli futbolçylar:

1. Altymyrat Annadurdyýew, «Altyn asyr», 17 pökgi;

2. Elman Tagaýew, «Ahal», 11 pökgi;

3. Yhlas Magtymow, «Şagadam», 8 pökgi;

4. Mihail Titow, «Altyn asyr», 7 pökgi;

5. Hemra Amanmämmedow, «Şagadam», 6 pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň