Top.Mail.Ru

Türkmenistan «John Deere» tehnikalaryny 7 ýyllyk karz ylalaşygy bilen satyn alar

23:2109.10.2020
0
7778

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri durmuşa geçirmek, oba hojalyk pudagyny ösdürmekde telekeçiligiň ornuny has-da artdyrmak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:

Türkmenistanyň Hökümetiniň –karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deere Сedit Inс” kompaniýasy –karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 7 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly zerur resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;

oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 7 ýyla çenli möhlete degişli içerki ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň