Arhiw

Türkmenistan Ukrainadan raýatlaryny alyp geler

18:1705.10.2020
0
21307

“Türkmenhowaýollarynyň” 10-njy oktýabrda meýilleşdirilýän çarter uçuşy koronawirus pandemiýasy sebäpli Ukrainada galan Türkmenistanyň raýatlaryny Kiýewden Türkmenabat şäherine getirer.

“Boryspil” howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, biziň watandaşlarymyz Kiýewden Boeing 777-200LR uçary bilen Türkmenabat şäherine getiriler.

Bu uçuş Türkmenistan hökümetiniň buýrugy bilen amala aşyrylýar

Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik karantinde bolarlar.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny alyp gelmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Türkmenistanyň hökümeti, pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli ozal gaýdyp bilmedik raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin Türkmenabat  şäherine Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanyň 120 raýaty gury ýer bilen Özbegistandan öz watanyna gaýdyp geldi.

Ýakyn geljekde türkmen raýatlaryny Moskwadan we Mýunhenden alyp gelmek üçin ýörite uçuşlar guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň