Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝB-däki raýatlaryny alyp gelýär

09:5605.10.2020
0
34219

9-njy oktýabr güni «Türkmenhowaýollary» gullugy Germaniýanyň Mýunhen şäherinden ýörite uçuşy amala aşyrylar. Bu uçuş bilen Ýewropa Bileleşiginiň dürli döwletlerinde galan 100 watandaşymyz ýurdumyza alnyp gelner.

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gelýän uçar ýerli wagt bilen 14:00-da Mýunhen şäherinden asmana göteriler. Uçar Aşgabat wagty bilen agşam sagat 22-de Türkmenabadyň halkara howa menziline gonar.

Bu ýörite uçuş bilen ýurdumyza gelýän raýatlarymyzyň hemmesi hökmany iki hepdelik karantin gözegçiligini geçmeli bolarlar.

«Türkmenhowaýollary» awgust aýyndan bäri Hindistan, Belarus, Russiýa we Türkiýe ýaly döwletlerden raýatlarymyzy alyp geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň