Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi

16:0103.10.2020
0
11790

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy — diýip, TDH habar berýär.

Has takygy, Hökümet mejlisinde:

obasenagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak boýunça görülýän çäreler;

içerki sarp edijileri güýz-gyş paslynda tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler;

ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy;

gurluşyk senagaty we elektroenergetika pudaklarynda ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän anyk çäreler;

«Lapis Lazuli» we Aşgabat Ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän hem-de onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberlerini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler;

daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly dokma kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler;

«Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Kararyň taslamasy;

ilatyň saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilip, alnyp barylýan işler;

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler;

milletiň Lideriniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde öňde goýan wezipelerinden hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanundan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, parlamentiň ýerine ýetirýän işleri;

çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan boşatmak hem-de raýatlary harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işleriň barşy we beýleki meselelere seredildi.

Şeýle hem döwlet Baştutany «Aýdyň gijeler» hususy kärhanasynda öndürilen döwrebap tehnologik gurluşlar bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň