Arhiw

Türkmenistanyň üstaşyr gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gözegçilik güýçlendiriler

22:0302.10.2020
0
14052

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň çägini arassaçylyk taýdan goramak we howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek hem-de “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 221-nji maddasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Tertibiň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň