Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020, 15-nji tapgyr: «Şagadam» täze aýlawyň ilkinji duşuşygynda «Aşgabady» ýeňdi

19:3302.10.2020
0
6319

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň ilkinji duşuşyklarynyň birinde Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» paýtagtyň «Aşgabat» futbol toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 45-nji minutda Ýewgeniý Tkaçenko geçirdi.

Şeýlelikde, Aleksandr Klimenkonyň şägirtler utugyny 25-e çykaryp, üçünji orundaky ýerini saklap galdylar. 17 utukly «Aşgabat» bolsa ýaryşyň bäşinji basgançagynda galdy.

«Şagadam» indiki tapgyrda «Nebitçi» bilen duşuşar. Bu duşuşyk 7-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün «Aşgabat» «Köpetdagy» kabul eder.

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabry. «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy)

«Şagadam» — «Aşgabat» — 1: 0

Top geçiren:  45 Ýewgeniý Tkaçenko 

Duýduryşlar:  Ionel Kosofana 7, Farhad Italmazow 67 — Hanmuhammet Bäşimow 84 

Duşuşygyň emini:  Begenç Allaberdiýew (Aşgabat).

Kömekçileri:  Ahmet Begnazarow (Mary), Berdimämmet Atdyýew (Tejen).

Ätiýaçlykdaky emin:  Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat).

Gözegçi emin:  Hudaýnazar Rejebow (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň